Sana gaýtmagyña näçe gün galdy?
Başladym sizi küýsäp
Otly durka ugraman
Söýgüli maşgalam
Bu gije uklaman
Nirä düşjegim entek belli däl
Äpişgeden seretýän
Gelen maşgala kän
Kimi aglaýar gitýär ýekeje ogly
Kimi gussaly garaşýar ugraýança otly
Menä elledim äpişgäni
Saña ýetjek bolup
Ejejan
Ýetişmedim habar berip
Gördüm dostlarymy
Saklanyp bolanok
Bukuldym arkada
Gözlerim diýenim edenok
Käbiri otyr ýylgyryp
Men bolsa doñup galdym
Uran ýaly depämden ýyldyrym
Gygyrdym dostlaryma
"Ejeme bildiriñ!"
Diýdiler: "Hökman, sag-aman gaýdyp geliñ!"
Ýöne hiçkim düşünmez maña eger-eger
Otly ugrady
Men indi esger!
Ýadaýar aýagymda gara ädik
Ädemde eje ädim
Öýümde eje ýadym meniñ
Ýakynda sag-aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje
Guş kimin uçup saña ýeterin
Ýadaýar aýagymda gara ädik
Ädemde eje ädim
Öýümde eje ýadym meniñ
Ýakynda sag-aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje
Guş kimin uçup saña ýeterin
Seniñ eliñ bal eje
Indi düşündim
Bişirýän naharlaryñ
Ogluñ üçin düýş indi
"Hemme zat gül ýaly, ýüregim gysanok"
-diýip hatda aldaýarys
Gullugyñ duýgusy ýok
Bärdäki oglanlaryñ bar kiçisi ulysy
Ýazýar dosty birine
Birine söýgülisi
Bar gaharlysy
Bar gaýgylysy
Sowuk gijeleriñ
Bärde tapylmaz ýylysy
Menem tapdym özüme
Bärde bir-iki dost
Göwnüm ýeñleýän ýaly
Paýlaşsak bir-iki söz
Diñe şular maña
Düşünäýmese eje
Ýatlaýarys gündiz sizi
Ýatlaýarys gije
Her gün täzeden gaýtalanýar
Belki unudylar öýli-öýüne gaýdylanda
"Wagt doñan ýaly!" diýsegem
Geçer gider
Birazajyk ýataýyn
Men indi esger!
Ýadaýar aýagymda gara ädik
Ädemde eje ädim
Öýümde eje ýadym meniñ
Ýakynda sag-aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje
Guş kimin uçup saña ýeterin
Ýadaýar aýagymda gara ädik
Ädemde eje ädim
Öýümde eje ýadym meniñ
Ýakynda sag-aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni eje
Guş kimin uçup saña ýeterin
Şo bir nahar
Şo bir eşik
Şo bir ýassyk
Şo bir düşek
Ýöne watanym üçin
Gulluk etjek men
"Oglyñ esger"
Aýt kimem sorasa eje!
Şo bir nahar ýene-de
Şo bir eşik ýene-de
Şo bir ýassyk ýene-de
Şo bir düşek
Ýöne watanym üçin
Gulluk etjek men
"Oglyñ esger"
Aýt kimem sorasa eje!
Ýadaýar aýagymda gara ädik
Ädemde eje ädim
Diñe sen ýadymda
Sag-aman öýe gelerin
Gaýgy etme meni
Guş kimin uçup ýeterin saña
Bu aýdymy
Öñ gulluk edenlere
Şu wagt gulluk etýänlere
Indi gulluk etjek ýigitlere
Bagyşlaýan
Gaýrat ediñ!
Hiçkim
Sana gaýtmagyña näçe gün galdy?
RR