menu-iconlogo
huatong
huatong
avatar

Yashlyk

SYKE DÄLIhuatong
ninonicohuatong
Letra
Gravações
Jomartlygym üçin sagbolsunlara

Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim

Ýaşlygymy gerekmejek dostlara

Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim

Biz bary ýogy ýaş, pikirlerimiz bar

Dünýäni üýtgetjek bolýarys ikirjiňlenmän

Ilkinji ädimden öwredýärler ikinji gelmäni

Islämok işe gatnamany dokuzdan alta men

Bilýän zadymyz ýok diýýärler

Hakykatdan daş

Akyl ýaşda däl agam!

Aklyň ýeri baş

Maslahat ber azajyk ýolda

Ýedi ölçäp kesmäge bizde ýok gaýçy ýöne

Ýele garşy ýöre

Hawa biz ýalňyşýarys köplenç

Bulaşyk işlere burnumy sokmaga ökde

Durmuşyň manysam şonda dämi ýalňyş, öwren

Emedekle ylga, ýykyl, gal, ýykyl, ýöre

Öwren, oka, soňam döret

Bular biz ýaly däl diýsin bizi gören

Menä ýaşadym diýer ýaly hakydamy dörüp

Öremde ol tarapda bolanda hemme zat aýan

Edenlerimi gorkezjek bolanymda juwan

Ýaşlyk

Sen entegem ýaş

Ýalňyş öwren ýaşa

Öwgülerden humar bolup, gijeler (ýalňyş öwren ýaşa)

Alyň! diýip, kişiň gapysyn kakdym (ýaşlyk)

Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile (ýalňyş öwren ýaşa)

Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym

Ýaş!

Wagt gutarmajak ýalydy bizem ýaşkak

Hemmezady başarýarmykak diýýädik

Ene atamyz düşünenokdy, indi durmuş başga

Diýip zeýrensek gaharlary gelýädi

"Ýaşlygyň wagty az" ine Durmuş hakykaty

Pikirlerimem dur şo durşuna, haýalladym

Käbir zatlara juwanlykda düşünmek kyn

"Hemmekişiden gowy bilýän" pikiriňi aýyrda dyn

Hiçkime ýaranjagam bolma

Hakyky dostlaryň bar bolsa näme etseňem gollar

Aýrylmasyn göwünler aýrylsada ýollar

Arkaňdan gep edeni bolsa günbatara ýolla

Söýeňde soňky günüň ýaly söý

Pul gelip gider, ony ýöne kagyz ýaly gör

Özger öňküden, bilimi gözleýän ýaly dör

Görkez Özüňe, başgalar şeýlede görer

Ynan

Ýaşlyk

Sen entegem ýaş

Ýalňyş öwren ýaşa

Ýalňyş öwren ýaşa

Ýaşlyk

Sen entegem ýaş

Ýalňyş öwren ýaşa

Ýalňyş öwren ýaşa

Deňiz dyzyňa ýetenok juwan wagtyňda

Hemmämiz bir gün ýygyrdy endama atynarys

Şo güne çenli näçe ýalňyşsaňam gaty az

Ýalňyşlar sapaga öwrülse bolmaz artykmaç

Ula hormat, kiçä söýgi

Hiçem garrama ýürege juwanlygy geýdir

Bir gün gelip gutaranda bu dünýäniň seýili

Diýer ýaly gidemizde "Ýaşanyma degdi"

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk

Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün

Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady

Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy

Ýaşlyk

Sen entegem ýaş

Ýalňyş öwren ýaşa

Ýalňyş öwren ýaşa

Ýaşlyk

Sen entegem ýaş

Ýaşlyk hemme zady bagyşlar

Menem yaşlyk etdim bagyşla

Mais de SYKE DÄLI

Ver todaslogo

Você Pode Gostar