menu-iconlogo
huatong
huatong
بول
ریکارڈنگز
Içimdäkileri aýdyp berjek saňa ýöne sen düşünmeyäň

Ýene gürlejek, görkezjek, hakykata yetjek, kim çyndan söýýä

Körden soradym: "Näme uçün begenýäň?"

Ol diýdi: "Haramy gormeýän"

Ganyň damjalary damýa elimden, men kömek etmek isleýän.

Şu gün öljek, ertir täzeden dogulmak üçin

Täze durmuşymdan seni gözläp tapmak üçin

Ýazýan aýdymlam ölemde diri galmak üçin

Galam bilen ýazýan ýaprak zaýalaman pozmak üçin

Öýümden uzakda, göresim gelyä

O o ooo ooo

Aýna seretýän eýýäm başga adam görýän

O o ooo ooo

Adam üýtgemez üýtgär onuň ady

Gaty çörek bolsa men oňa razy

Köpi gormedim hem görmedim azy

Perişdäm aýdyp berýä hemme zady

Jübiñe sygmasa yanyñda bary

Men subut etýän bil alamok ary

Geçmişi ýatlaýan açamda sazy

Aýdym gözüňe görünmeýän jady

Söýgi söýgi söýgi, kelle pikir edenok

Öňki ýaly doslam daşymdan aýlananok

Haçandan bäri öz maşgalamy göremok

Haçandan bäri öz ejeme jaň edemok

Ýanymdakylardan sora, çyn adym näme, ýarsy bilmez

A maňa näme, ýeke doguldym ýeke ölern, manysy näme

Gazandym özüm, ejem guwandy, soňam görers, bizem söýers

Bolsa depäñde, bolsa çörek, şükür etýän, alyp çykars, manysy känmi

Biz aslynda mañlay gara

Ýüreklerimiz ýara

Garaşýas entägem daňa

Arzuwym gündiz goýmak bir yz

Azaşmaz ýaly ak bilen gara garyşmaz ýaly

Ogluma erbetler sataşmaz ýaly

Alar ýaly, ýaly

Gündiz gül ys

Indi bil öňkülik ýok öňküler ýaly

Garyba ýüz berlenok diýýänem ýok

Uzadaý eliňi daýy

Ýerini çalyşdy indi her birimiz ýalana baý

Diýýäs Meslere daýy

Ynan sadaka diýip doýurýas baýy

Diňe aýlyga bilimiz bagly

Unutdyk Ýaradana ýalbarmagy

Belkem ýitirdik imany

Unutdyk biz biri bary

Unutdyk biz Ýaradany

Öňküler ýaly, köneler ýaly

Ynanasymyz gelenok,

Gidip gören ýok diýýäs

Görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

Bar bolsa görkezsin jady (jady, jady)

Hany jady? Hany jady?

Görkeziň jady

Ýaltanma gözlemäni sözlerden many

Hany jady?

Ine meň jadym sözlerde many

Hany jady? Hany jady?

Görkeziň jady.

Ýaltanma gözlemäni sözlerden many

Ine meň jadym

Özüňde jady, özüñde jady...

Bu TesLa/Citi3en کے مزید گانے

تمام دیکھیںlogo

یہ بھی پسند آسکتا ہے