menu-iconlogo
huatong
huatong
avatar

Gapy

SYKE DÄLIhuatong
moreno_martha84huatong
Lời Bài Hát
Bản Ghi
Garaşyan gapyňda

Bilýäňä, dünýä ýalan ölümem hakykat

Dek gezip bolýarmy näme? Elbetde typarn

Ýeriňden turup bilseňä synanyş

Bidirme gynanç

Geçen ýyl, goşuldy ýas, aýryldy ýakynlam

Döküldi ýaş, gaýgyly hakyda

Goşuldy ýaş, aýryldym akyldan

Üýtgemedik diňe şaýatlarym egnimde otyrlar

Iki ýol bar diyýärdiler kiçiräk wagtym

Adama gowluk etseň, oň sogaby bardyr

Sabyr bilen garşy almaly ähli ajy zady

Allam, yöne käbir wakalar beter pajygaly

Has köp adam ikinji ýola çagyrýar

Meňem... daşymda ýok çaryýar

Duýgularymy gizleýän edil içaly ýaly

Çykarysda bizem otdan çala ýanyp

Toba

Entegem garaşyan gapyňda

Adym tutulmazmyka diyip syn edýän ýakyndan

Bizi içine salmazlar jigim Arkaýyn bol

Bu gapydan girmek gaty kyndyr

Onda sen eşitmediň ol Rahym hakynda

Ondan umydy kesme

Ýüreginde iňňäniň ujy ýaly iman Tapylsa

Şolam ýeter

Içine seretdim garaňkyda umydy duran eken

"Sen nädip düşdüň bärik agam?"

"Bu ýere birje ulag getirýä olam tabyt

Wagtym barmyka diýýärdim gezip ýördüm dagap

Hemme zatdan dadyp garyp garany aga

Garyp garasa agyp

Wagtym bilen Erjeşdim

Ajal arkamdan ýetişdi

Çukury gazdylar, biri diýdi ýerleşdir

Çaltyrak gömmek bilen boldular bary derleşip

Nähili adam diýip bilýädiňiz ýatany?!

"Gowy adamdy" diýen boldular ýaltanyp

Daşymy düzedişdirdiler daşym aýlanyp

Hemişeki ýaly herkim işine haýdady

Ýeke galdym ol garaňky jaýda

Ne äpişge bar otaýda ne bir bölek aýna

Yşyk düşenok aýdan

Sorag bilen geldiler jogabyny biläýseň

Namaz, amal, oraza, zekat ýanyma geläýse

Başujyma aýak sag soluma galkan bolaýsa

Ýatan ýerim daralmaz ýaly gorkysyz ýataýsam

Diýdiler: "Üstünden bizini aýyr

Ýaradanyñ kim?

Hany diniňi aýt?

Saňa gelen ilçi kim?

Kitabyň näme?

Kyblaň haýsy tarapda?"

Diýdim: "Käbe dälmi?

Ýaradan Allam

Pygamberim Muhammet (s.a.w)

Dinimem yslam

Ýöne özüm muhannes

Parzlary ýarym etdim

Taşladym sünnet

Kitabym Kuran

Oňa duýmadym muhabbet"

Çykardylar uly meýdana

Herkim üýşüp duran eken günäsini sanap

Amal depderler açylanda gutardy takat

Terezide edenlerim dur, haýsy agyr tarap?

Gorky gaplady herkimi basypdyr derim

Haýsy elime uzadylarka depderim?

Günälerim dur ähli eden geplerim

Üýşüp duran eken bir-birine seplenip

"Köprä tarap ýöräber" diýdiler

Gulagyma ynanmadym, umydym geldi yzyna

Gapyň bilen aramda ýekeje köpri galdy

Geçip bilýän az muny Hany senem barla

Öňümden biri geçdi ýyldyrym bolup

Emedekläp ýykylýan bar oda kül bolup

Görüp durn ony

Meňem Aýagym typdy, seredýän gapyňa

Senem bizi ýatla ýatlamady diýme

Jemalyňy görjekmişin bu gapydan giren

Şugün bolmasa duşuşyk goýaweri ertire

Nhiều Hơn Từ SYKE DÄLI

Xem tất cảlogo