menu-iconlogo
huatong
huatong
syke-dli-gara-3185-cover-image

Gara (3:185)

SYKE DÄLIhuatong
soccer_habalobahuatong
歌词
作品
Señ ýüregiñ arassa

Günä añyrda dursun, ýokmaz gazanyñ garasam

Garañ görünse çekinyär görenler alysdan

Köp sadaka berýäñ, bolañda näme alymsak?!

Alyş çalyş bar eger jynymyz alyşsa

Maña ýüz beräý, garaşmaly bolsa garaşjak

Gara çynym aýdýan hökman birgünä tanyşarys

Seni tanajak bolup saldym kellämi tanapa

Başlyk boljak bolýañ bilýän, garabaşagaý

Galla gazanmagyñ ugrunda gara başa baý

Garadan gaýtma gazanjak bolsañ başyndan

Garañy ýitirýäler - gara niýetler daşyñda

Garaz diýjek bolýanym ýüregiñ arassa

Men-menligem ýok sende, gapdaldan garasañ

Garagolluk edip ýörkäñ, gara basanda

Gara der bolup oýandyñ, gara ýeriñ astynda

Düş aşak, düş aşak, nebsim!

Goýup bilemok, bilemok taşlap

Seni daşap geldim

Pul göremde saýgaramok ak, gara

Goýdum "o taraby" gapdala

Ýeter öýdemok hemmesini alsamam

Sen başga, men başga - ak, gara

Señ ýüregiñ arassa

Günä añyrda dursun, ýokmaz gazanyñ garasam

Göni baryp eýe çykmaly birzat ýarasa

Señ üçin harasat ýaly işleñ garasam

Seni garaşdyryp bolmaz, men saña garaşly

Tutmaz seni, näçe alsañam, naçaryñ gargysy

"Gapjygy garawulla" köneleriñ sargydy

Arkaýyn sowuber, sen hemişe algyly

Pul gara gözümiñ garasy, gara dagdan iner

Üns berme garamaýagyñ gözündäki sile

Direg döwülýänçä dire, olar entek diri

Bir gulakdan çykan zat beýlekiden girmez

Garaşma garañky gelmez, saña entek irle

Garagyñ gapylasy ýok dolup dursa kise

Garabokurdagyñ gum doýurar, arkaýyn iyiber!

Gara niýetim yok, ýöne soñ diýmedi diýme

Sen başga, men başga

Nebsim!

Goýup bilemok, bilemok taşlap

Seni daşap geldim

Pul göremde saýgaramok ak, gara

Goýdum "o taraby" gapdala

Ýeter öydemok hemmesini alsamam

Sen başga, men başga

更多SYKE DÄLI热歌

查看全部logo