Eje nämedir? Ýönekeý aýal?
Asman perişdesimi? Ýa, ýetilmez hyýal?
Ölýänçäm haýyş etýän, ýanymda gal
Ýa gitjek wagtyñ, ýanyñ bilen alyp git!
Durmuşyñ manysymy sen? Ýa gül ysy?
Aýy gabandyrýamyş, ejeleñ ýüzi
Jennet sende däl, sen jennediñ özi
Jennede gidäýseñ, meni oda salyp git!
Öwretdiñ garany, öwretdiñ agy
Köpeldi saçyñ agy, gözüñde agy
Şahyr diýdi: "Besdir daglañ garrany"
Sen garrama, ýaş wagtyñy tapyp git!
Ýüregiñi gysganmarsyñ, eger islesem
Ýüregimi okaýañ gaýgymy gizlesem
Armanym ýok, owazyñy diñlesem
Mähirden doly, ol sazyñy çalyp git!
Dünýä ýatyr, küýsäp ertirki güni
Menem ukladym, dileg edip gowlugy
Ýüzüñde, gijäñ ukusyzlygy
Birazajyk ýataý, aýy güne öwrüp git!
Señ içki dünýäñe düşünmek mümkin däl
Dünýä garşy, sende öyke-kin kän
Sen uçmaly, ýöne señ ýüküñ kän
Eje gaýgylaryñy ogluña goýup git!
Alla seni ýaratdy, päk ýürek bilen
Kömek edenokdy, ne giden ne gelen!
Ýadyñdamy doýýardyk gury çörek bilen?
Diýdiñ: "Oglum bary bilen oñup git!"
Oraz diýer: "Men bir ene aşygy!"
Ýöne gaharlanýan käte çytyp gaşymy
Diñe gülende görkezsin ýaşyny
Ejeñi soñky demiñe çenli, söýüp git!
RR